5-nji iýulda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soň, zala
çagalar geldiler. Welaýatlaryň her birine wekilçilik edýän körpeler altyn öwşün
atýan sümmülleri hem-de ak bugdaýdan doldurylan horjunlary getirdiler. Çagalar
ýygnananlaryň ählisini sahawatly türkmen topragy hem-de zähmetsöýer
ekerançylary wasp edýän goşgy setirleri bilen mübäreklediler. Eziz Watanymyz,
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, eziz Arkadagymyz baradaky goşgular
belentden ýaňlandy.
Oglanjyklar we
gyzjagazlar welaýatlaryň zähmetkeşleriniň adyndan adamlar hakynda bimöçber
alada edýändigi, ýokary hasyl almak hem-de oba zähmetkeşleriniň abadançylygyny
has-da artdyrmak, ekerançylyk hünäriniň abraýyny belende galdyrmak üçin ähli
şertleri döredýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdiler.
Çagalar milli Liderimizi ajaýyp waka — orak möwsüminiň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özboluşly sowgatlary — ak bugdaýyň sümmüllerinden boglan desseleri gowşurdylar.