milli goshun logo
Çagalar – biziň geljegimiz
Çagalar – biziň geljegimiz
01.06.2019 1079 Habarlar

Şu gün Türkmenistanda, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzda çagalaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarýan dürli medeniýet we sport çäreleri gurnaldy.

Mähriban Watanymyzda ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmeklige uly ähmiýet berilýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni resmi baýramçylyk hökmünde kabul edilendir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň goragy ähli tarapdan berjaý edilip, olaryň isleg-arzuwlary amala aşyrylýar.

Dürli halkara guramalar, esasanam, UNICEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýan Watanymyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi ugrunda ähli şertleri döretmek üçin döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde çagalaryň dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Onuň terbiýeçileri bu ýere gelen çagalary watançylyk ruhunda terbiýeläp, çagalara edeplilik, maksadaokgunlylyk ýaly häsiýetleri giňişleýin öwredýärler.

«Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde çagalar üçin her dürli ugurlar boýunça goşmaça bilim we tejribe alar ýaly dürli gurnaklar işleýär. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli bu ýerde dürli sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri gurnalar.

«Milli goşun».