17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki
mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli
ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin sport çärelerine görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu çäreler Aşgabat şäheriniň şaýollary boýunça,
Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotreginde, welaýat merkezlerinde, köpugurly
sport toplumlarynda, stadionlarda hem-de sport mekdeplerinde, ýokary okuw
mekdeplerde geçiriler. Welosipedli ýörişleriň geçýän ugurlarynda
medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş türgenleriň çykyşlaryny guramak göz
öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz bu möhüm sene mynasybetli guralýan dürli çäreleriň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmegine, ekologiýa abadançylygyna, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, ruhy hem-de beden taýdan kämil ýaş nesliň kemala gelmegine gönükdirilmelidigini nygtady.