milli goshun logo
Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi
Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi
04.06.2021 678 Habarlar

Bu gün ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Häzir Bütindünýä welosiped güni sagdyn durmuş ýörelgesine we amatly ulag serişdesine gönükdirilen hereketiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Welosiped ─ bu hereketiň simwolydyr.

Türkmenistan şeýle uly ähmiýetli başlangyjy başlaýjy hökmünde ony edil milli derejejde bolşy ýaly halkara möçberinde-de amala aşyrmagyň lideri bolmaga çalyşýar. Bu gün ýurduň ähli künjeklerindäki sport toplumlarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde we seýilgählerinde her hili sport ýaryşlary we medeni çäreler geçirilýär. Ýeke bir şu güne däl, eýsem, beýleki şanly senelere bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýaryşlaryna döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi ýolbaşçylyk edýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary öz bolýan ýerlerinde yzygiderli welosiped ýaryşlaryny guraýarlar.