5-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň
Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen
Bütindünýä söwda guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde iş duşuşygy
geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BSG-niň
hünärmenlerini ýurdumyzyň BSG-da synçy derejesini almagy üçin geçirilýän
netijeli işler barada tanyşdyrdy.
Mundan başga-da 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde we
4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda
geçirilen Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen
bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisleriň
jemleri boýunça, ilkinji ädim hökmünde ýurdumyzyň bu guramanyň işine synçy
derejesinde gatnaşmagy baradaky netijä gelnendigi we Türkmenistanyň ykdysady
syýasaty we daşary söwda tertibi hakyndaky synyň taýýarlanandygy barada
bellenildi.
BSG-niň wekilleri tarapyndan, bu alnyp barylýan
işlerden hoşaldyklaryny nygtamak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň bu guramada
synçy derejesini almagy, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň kämilleşmegine
mümkinçilikleri döretjekdigi barada bellenilip geçildi.
Şeýle hem taraplar, Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almak baradaky meselesiniň BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinde seljerilmekliginiň mümkiniçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.