milli goshun logo
Bütindünýä saglyk güni bellenildi
Bütindünýä saglyk güni bellenildi
08.04.2025 154 Habarlar

Düýn – 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, dürli sport çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem giň gerim alyp, olar medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlary, türgenleriň görkezme çykyşlary bilen utgaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent ruhuna beslenen bu çärelere ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar.

Diýarymyzyň ähli ýerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygynyň sakasy bolan bedenterbiýe-sport hereketiniň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.