Hormatly
halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat
şäherinde geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň
«Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary
derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde,
ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda uly üstünlikler
gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzda her bir adamyň
saglygyny gorap saklamak we berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir.
Berkarar döwletimizde saglygy goraýyş edaralarynyň
mümkinçiliklerini doly ulanmak, olaryň ösüşini netijeli peýdalanmak we
innowasion ugurlara gönükdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglere
laýyk getirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ynsanyň
beden we ruhy saglygyna zyýan ýetirýän neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna
garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak baradaky milli maksatnamamyz üstünlikli
amala aşyrylýar. Halkymyzyň arasynda dürli keselleriň öňüni almaga, sagdyn
durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmäge uly üns berilýär.
Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de
kämilleşdirmek doly amala aşyryldy. Aýratyn-da, çagalaryň we eneleriň saglygyny
goramak, köp ýaýraýan keselleriň ep-esli derejede azalmagyny, ýokanç we ýokanç
däl keselleriň sanynyň düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş
ýörelgesini kemala getirmegi milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa
ornaşdyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň
gurulmagy türkmen lukmançylygynyň milli ýörelgesiniň kemala gelendigini aýdyň
görkezdi.
Saglygy goraýşyň milli aýratynlyklarynda nahar
duzuny ýod, unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak döwrebap
täzelikler boldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda
ýurdumyzda alnyp barylýan içeri syýasatyň saglyga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş
goraglylygyna gönükdirilendigini aýratyn bellemek isleýärin. Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanylan
üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi.
Örän gysga döwürde Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde, obalarda
iň häzirki zaman keseli anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, Saglyk
öýleri, «Ene mähri» merkezleri, «Arçman», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Farap»,
«Baýramaly», «Mollagara», «Daşoguz» we «Awaza» şypahanalary ulanmaga berildi.
Türkmen topragynyň müň bir derde derman otlaryndan, ösümliklerinden derman
serişdelerini öndürýän kärhanalar döredildi. Dünýäniň iri lukmançylyk
merkezleri, ylmy-barlag edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinden başlap,
stadionlar, iri sport toplumlary, seýilgähler gurlup, sagdyn ýaşaýyş-durmuş
ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp baryldy. Bu ägirt uly işler
biziň baş maksadymyzyň adam we onuň bagtyýar durmuşda ýaşamagy bolup
durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut edýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty
ulgamynda ösen maglumat we kommunikasiýa tilsimatlaryny giňden ornaşdyrmak
arkaly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy döredildi. Bu bolsa pudakda iş
ýöretmek we dolandyrmak usullaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň,
Ýewropa Bileleşiginiň we dünýäniň onlarça döwletleriniň arasynda saglygy
goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy,
dürli okuw kitaplarynyň hem-de gollanmalarynyň neşir edilmegi, öňdebaryjy
ylmy-usuly tejribäniň we okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy hem
bu ulgamlary döwrebap ösdürmäge ýardam berýär.
Gadyrly
dostlar!
Hormatly myhmanlar!
Ylym we bilim boýunça halkara bileleşik tarapyndan
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Ýewropa hili» diýen abraýly
baýragyň berilmegi we lukmançylyk biliminiň Bütindünýä Federasiýasy tarapyndan
«Awisenna direktoratlygynyň» Bütindünýä maglumatlar goruna girizilmegi saglygy
goraýyş ulgamynda döredilen milli nusganyň halkara bileleşik tarapyndan ykrar
edilýändigini görkezýän aýdyň subutnamadyr.
Siz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa
sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly
ýokary derejeli halkara maslahatynyň çäklerinde Garaşsyz, baky Bitarap
döwletimiziň paýtagty, Merkezi Aziýanyň iň gözel şäherleriniň biri Aşgabatda
bina edilen Halkara saglygy goraýyş merkezlerine, döwrebap orta we ýokary okuw
mekdeplerine, ylmy-kliniki merkezlerine baryp görersiňiz. Häzirki döwürde
ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler, täze
tehnologiýalaryň, okatmagyň häzirki zaman interaktiw usullarynyň ornaşdyrylyşy,
ýaş nesilleriň ylma we bilime bolan höwesi bilen ýakyndan tanyş bolarsyňyz.
Bu maslahatyň iş meýilnamasyna laýyklykda
geçiriljek giň gerimli çäreler bolsa, öz gezeginde, halkara maslahata gatnaşýan
döwletleriň wekillerine ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olaryň garşysyna
göreşmekde özara tejribe alyşmaga ýardam berer.
Hormatly
halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň
Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna
göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt,
ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde elmydama üstünlik arzuw
edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.