9-njy aprelda
paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň
Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna
göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady.
Türkmenistanyň
Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan maslahat
Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekillerini we bilermenlerini,
BSGG-niň Ýewropa sebitiniň 44 ýurdundan wekilleri ýygnady, olaryň hatarynda
saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, görnükli alym-lukmanlar bar. Türkmen
tarapyndan forumyň işine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,
beýleki birnäçe edaralaryň, saglygy goraýyş we ylmy merkezleriň hünärmenleri
gatnaşýarlar.
Duşuşygyň esasy wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak. Gün tertibinde çilim çekmek we alkogolly içgileri içmek, semremek, sagdyn däl iýmitlenme, az hereket etmek, gipertenziýa we diabet ýaly meseleleri çözmek wezipesi durýar.
Forumyň
barşynda «Ýurt derejesinde borçnamalary ýerine ýetirmek üçin özara
gatnaşyklaryň täze görnüşlerini öwrenmek» diýen tema bagyşlanan mejlis
geçirildi, onda ýokanç däl keseller boýunça psihiki saglyk, ekologiýa we gender
çemeleşmeleri, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselelerini gün tertibine
goşmak üçin strategiýalara seredildi.
Maslahatyň
çäklerinde ugurdaş mejlisleriň üçüsi: psihiki bozulmalaryň we beýleki ýokanç
däl keselleriň öňüni almak, bejermek hem-de gözegçilik etmek çärelerini saglygy
goraýyş ulgamyna birleşdirmek, ýürek-damar we süýji keselleri babatda
maksatlaýyn görkezijileri gazanmak, duzy, süýjini we ýagy aşa köp ulanmak ýaly
sagdyn däl iýmitlenmek bilen bagly töwekgelçilikli ýagdaýlary azaltmak
meselelerine bagyşlandy.