05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen wideo-maslahat
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen wideo-maslahat
27.05.2020 105 Habarlar

26-njy maýda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň  tekliplerine laýyklykda täze görnüşli koronawirus pandemiýasy döwründe howanyň gyzmagyna taýýarlyk görmek boýunça jikme-jik tehniki maglumatlat barada bellenilip geçildi. Şol sanda, gatnaşyjylara, öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirmäge ýardam edýän, BSGG-niň pandemiýa döwründe we gyzgyn howada saglygy goramak boýunça maglumat beriji onlaýn-materiallary barada gürrüň berildi.