Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde
geçirilýän VII Bütindünýä harby oýunlary öz geçiriliş taryhynda iň ulusy boldy.
Şu ýyl olara 100-den gowrak ýurtdan 10 müňe golaý harby türgenler gatnaşýarlar.
Olaryň arasynda ozal
dünýäň we Olimpiýa oýunlarynyň çempionlary bolan harby türgenler hem bar.
Mälim bolşy ýaly, 21 – 22-nji
oktýabrda biziň harby türgenlerimiz G.Hemraýew (65 kg) we S.Belliýew (125 kg) oýunlarda
erkin göreş boýunça başarnygyny görkezerler. Harby türgenimiziň garşydaşy
hökmünde dünýäniň iň güýçli türgenleri, şol sanda erkin göreş boýunça 2019-njy ýylyň
dünýä çempiony, Russiýa Federasiýasynyň harby türgeni G.Raşidow (65 kg) hem çykyş
eder.
Şeýlelik bilen VII Bütindünýä harby
oýunlarynda, dünýäniň iň güýçli türgenleriniň jemlenen ýerinde biziň harby
türgenlerimiziň bolmagy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
gullukçylarynyň arasynda ýokary derejeli sportuň ösendigini we ýurdumyzyň daşary
ýurtlar bilen sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkeýändigini aýdyň görkezýär.
«Milli goşun».