15-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew
welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barlyşy barada
hasabat berdi. Şu günler gowaçalaryň ilkinji hatarara bejergi işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýekelemek we otag
işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şol bir wagtda, bugdaý oragyna
taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Orak möwsüminiň başlanylmagyna çenli galla kabul
ediş bölümleriniň 156-syny möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şu ýyl
bugdaý oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 220-sini işletmek
meýilleşdirilýär. Däne ýygýan kombaýnlar mehanizatorlaryň 4 müň 440-sy
tarapyndan iki çalşykda işlediler. Göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar we
ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýjy-abatlaýjy toparlaryň
460-sy döredildi.
Şeýle hem ýygnaljak bugdaý hasylyny galla kabul
ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 11
müň 100-sini ulanmak meýilleşdirilýär. Meýdan düşelgelerinde babadaýhanlaryň amatly
dynç almagy üçin hemme şertler dörediler, göçme söwdalary guralar.
Wise-premýer «Türkmenistanda 2020-nji ýylyň galla
oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasyny
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Kararyň
taslamasyna gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly
wise-premýere iberdi hem-de onda bellenilen wezipeleriň öz wagtynda doly ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.