30-njy
awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli
Liderimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz
welaýatynda bolsa 18-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.
Şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabryndan başlap, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berýändigini aýdyp, asylly däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.