15-nji iýulda Söwda-senagat edarasynda
ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň
Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri
boýunça maslahat geçirildi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň
wekilleri ýurdumyzda bolýan ongünlük saparynyň jemleri boýunça teklipleri
taýýarladylar. Şolary türkmen tarapy milli saglygy goraýyş ulgamynyň we beýleki
döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmekde nazara alar. Bu işleriň baş maksady
ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri mundan
beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Dünýäde hiç bir ýurtda bu ýokanç kesel barada
anyk maglumat ýok. Häzirki döwürde Türkmenistan ýurtda koronawirus ýokanjynyň
tassyklanan pursadynyň ýokdugyny habar berýär. BSGG bu maglumaty tassyklaýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi
ýaly, BSGG mundan beýläk-de hökümetiň milli edaralary bilen koronawirus
ýokanjynyň ilata edýän täsiriniň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda
degişli işleri geçirmäge meýillidir.
Türkmenistanda bolmagy çäklerinde,
bilermenler epidemiýa gözegçilik babatda ýerine ýetiren işleri synlandyklaryny
we bu ýerde adamlary barlamak, şeýle hem zerur halatynda bu mümkinçilikleri
artdyrmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Bu çäreler geljekde
halkara söwdasynyň we ulag gatnawlarynyň dowam etmegini şertlendirer.
Bilermenler
toparynyň agzalary kliniki taýýarlyk bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar
ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde etrap, welaýat we umumy döwlet derejesindäki
dürli lukmançylyk edaralarynda boldular.
Türkmenistan
СOVID-19 ýokanjy bilen
baglanyşykly töwekgelçilikleri ykrar edýär we ýurduň çäginde bu keseliň
ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda ähli zerur tagallalary görýär. Ilatyň arasynda
geçirilýän giň möçberli işler bu çäreleriň üstünlikli boljakdygyna şaýatlyk
edýär. Türkmenistanyň anyk meýilnamasy bar. Biz ony durmuşa geçirmäge goldaw
bermäge taýýardyrys diýip, BSGG-niň wekili belledi.