21-nji
noýabrda türkmen paýtagtynda «SPEKA günleri» tamamlandy. Onuň çäklerinde iki
çäre — ykdysady forumyň ikinji güni hem-de BMG-niň Merkezi Aziýanyň
ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň on dördünji
sessiýasy geçirildi.
SPEKA-nyň
sebitinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglylykda, Birleşen
Milletler Guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, ölçeglerini hem-de
maksatnamalaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda bökdençlikleri
azaltmak boýunça Aşgabat başlangyçlarynyň kabul edilmegi bu günüň esasy
netijeleriniň biri boldy.
Bu
Maksatnamanyň Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de
onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak maksady bilen, 1998-nji ýylda badalga
alandygyny ýatlatmalydyrys. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan,
Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.