BSG Germaniýanyň hökümetiniň goldawy bilen, pandemiýalaryň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça täze halkara merkezi açýar. Göz öňünde tutulyşy ýaly, ýokary hilli tehnologiýalar we innowasiýalar Berline bütin dünýäden gelip jemlenjek statistik we seljeriş maglumatlary gaýtadan işlemäge mümkinçilik döreder.
Bu barada çarşenbe güni geçen metbugat-konferensiýasynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we BSG-niň ýolbaşçysy dr. Tedros Gebreýesus habar berdi. «Merkez şu ýylyň dowamynda açylar» diýip, BMG-niň metbugat gullugy mälim edýär.
Angela Merkeliň aýtmagyna görä, adamzat diňe bilelikde hereket etmek bilen, KOWID-19 pandemiýasy ýaly dünýä möçberindäki kynçylyklary ýeňip biler. Ol BSG-niň bu tagallalaryň merkezinde durandygyny, kabul edilýän kararlaryň üstünliginiň bolsa köp halatda başlangyç maglumatlaryň hiline we möçberine baglydygyny nygtady.