2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça
mejlisinde Türkmenistan 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk
maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 —
2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri
boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.
Birleşen
Milletler Guramasy bilen strategik gatnaşyklary ösdürip, ýurdumyz bu ugurda
sebitleýin we ählumumy ölçegdäki wajyp meseleleri çözmek boýunça halkara
tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän ýöriteleşdirilen
agentlikleriniň wekilhanalarynyň 7-si däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
mynasyp goşant goşýarlar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýändigini bellemeli. Şol bir
wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork, Wena we Ženewa
şäherlerinde ýerleşýän Ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň wekilhanasy
hemişelik esasda işleýär.
Soňky 12 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň 10-synyň, şol sanda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar.