13-nji maýda paýtagtymyzda
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat
geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna
bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň
suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi.
Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi
tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik
işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri,
talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Fotosergi gündelik durmuşdaky aýdyň
we täsirli pursatlary, halkymyzyň köpasyrlyk däplerini görkezmäge, olary sergä
gelenlere özboluşly görnüşde ýetirmäge ukyply bolan fotosuratçylaryň zehinini
açyp görkezýär.
Daşary ýurtly awtorlaryň ussatlyk
bilen ýerine ýetiren işleriniň hatarynda gaýtalanmajak tebigy gözellikler,
binagärlik ýadygärlikleriniň özboluşly suratlary bar. Bu ýerde dünýäde
parahatçylygy we agzybirligi aýawly saklamagyň wajypdygyny bize nobatdaky gezek
ýatladýan täsin işleri görmek bolýar.