Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň
hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň
başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar,
forumlar, sergiler guralýar.
Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji
ýanwarynda Aşgabatda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň
we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi.
Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şeýle-de bu çärä dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy
we howpsuzlygy öňe sürmek nukdaýnazaryndan bitaraplyk syýasatynyň wajyplygyny
ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapan halkara guramalarynyň köpsanly
wekilleri, žurnalistler we diplomatlar gatnaşdylar.
Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna Ýüzlenmesi bilen tamamlandy. Bu Ýüzlenme BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.