18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň
sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine
ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat
ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly
üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar.
Aýdym-sazly çykyşlaryň milli
Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan we
Türkmenistanyň dünýäde özygtyýarly Bitarap döwlet hökmündäki abraýynyň belende
galmagyny şertlendiren beýik işler baradaky wideoşekiller bilen utgaşmagy
konsertiň täsirli pursatlara baý bolmagyny üpjün etdi. Onda halkymyzyň ruhy
ýörelgeleri, beýik demokratik gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.