Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde
geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip,
medallaryň 8-sine mynasyp boldular. Çempionat üç gün dowam etdi. Şol günlerde
söweş we sport sambosy boýunça zenanlardyr erkekleriň arasynda, şeýle hem görşi
pes türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda medallaryň 31 toplumy gowşuryldy.
Türkmenistanly samboçylar dünýä çempionatynyň eýýäm
ilkinji gününde iki medal gazandylar. Olaryň ikisi hem söweş sambosy boýunça
gazanyldy.
Ildeşlerimiz çempionatyň ikinji gününde ýene iki medal
gazandylar.
Dünýä çempionatynyň üçünji güni türkmen türgenleri üçin
has-da düşümli boldy. Şol gün olaryň dördüsi hormat münberine çykdy.
Bişkekde gazanan bu medallarymyzyň üstüni zenan
samboçylarymyz ýetirdi.
Dünýä çempionaty türkmen samboçylarynyň iri ýaryşlara
ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezdi. Olar sekiz gezek hormat münberine
çykdylar. Gazanylan medallar hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna
özboluşly sowgat boldy.