milli goshun logo
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
13.04.2020 850 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şotlandiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 325 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we «Türkmenaglomerat» kondisiýasyz polipropileni, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, haly önümlerini, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 166 müň manatdan gowrak boldy.