Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si
hasaba alyndy.
Daşary ýurt
puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen
gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Polipropilen
we EСO 93 belgili awtobenzin («Türkmengaz» DK) Russiýadan we Owganystandan
gelen işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan
başga-da, daşary ýurt walýutasyna el halylary we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn
alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Malta, Gyrgyzystan, Owganystan.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 33 million 977 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan we
Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 684 müň manatdan gowrak
bolan nah ýüplügi hem-de el halylary satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni («Türkmengaz» DK), plastik paddonlary, pagta-süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 35 million 149 müň manatdan gowrak boldy.