Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy
hasaba alyndy.
Daşary ýurt
walýutasyna Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi bahasy
ABŞ-nyň 562 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Jemi 5 million
316 müň manatdan gowrak baha satyn alnan nah ýüplük Birleşen Arap
Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçileriň geleşikleriniň
manat serişdeleriniň esasyny düzdi.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 723 müň manatdan gowrak
“Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we
polipropileni satyn aldylar.