Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap
Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosinini we
awtobenzini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan
we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de
žakkard tüýjümek önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 696 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kanadanyň,
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 10 million 255 müň
manatlykdan gowrak haly önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 13 million 915 müň manatlyk polipropileni
satyn aldylar.