Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 67-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden,
Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini
satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, awtobenzin EKO 93
(«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen), plastik gaplar Russiýa
Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Belizden we Owganystan Yslam
Respublikasyndan gelen täjirleriň söwdasynyň esasyny düzdi.
Bulardan
başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah matalar we ýüplükler, dokma
önümleri, jinsi matalar, el halylar ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan,
Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan
gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 464
müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap
Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan gelen telekeçiler jemi bahasy 4
million manatdan gowrak bolan el halylaryny hem-de nah ýüplükleri satyn
aldylar.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 17 million 400 müň manatlykdan
gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni («Türkmengaz» döwlet
konserninde öndürilen) hem-de halylaryny satyn aldylar.