Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň işewür
toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystanyň we Beliziň telekeçileri bolsa
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny
satyn aldylar.
«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen
ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen we EKO-93 kysymly awtobenzin
Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň
telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, Russiýanyň, Beýik
Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň
telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 352 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Gonkongyň, Beliziň, Owganystanyň
işewürleri jemi bahasy 10 million 184 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we
haly önümlerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin
«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polietileni we polipropileni, şeýle
hem pagta süýümini we pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 139
million 596 müň manatlykdan gowrak boldy.