milli goshun logo
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
04.05.2020 1329 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Kanadadan, Şotlandiýadan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 25 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni, («Türkmengaz» DK) pagta süýümini, gurluşyk serişdelerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million709 müň manatlykdan gowrak boldy.