Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy
hasaba alyndy.
Daşary ýurt
puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen
telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan
işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür
toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn
aldylar.
Bulardan
başga-da, Rusiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan gelen telekeçilere daşary
ýurt puluna reňksiz list aýna, nah mata, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň
umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 576 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Beýik Britaniýadan gelen işewürler jemi bahasy 223 müň
manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 35 million 831 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de haly önümlerini satyn aldylar.