Baş Assambleýa,
halkara hukugyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň
parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary
pugtalandyrmakda merkezi ornuny tassyklamak bilen,
halkara hukuk ulgamynda bilimiň, mümkinçilikleriň, tehniki goldawyň
giňeldilmeginiň, hususan-da, ösüp barýan ýurtlar, şol sanda az derejede ösen
ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi
ada döwletleri üçin möhümdigini hasaba almak bilen,
şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Goldaw bermek
maksatnamasynyň halkara hukuk boýunça bilimleri okatmak, öwrenmek, ýaýratmak hem-de
ony has giňden ykrar etmek ulgamynda halkara hukuk boýunça okuw maslahatynyň,
Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hukuk boýunça Audiowizual maglumatlar
kitaphanasynyň, Hukuk meseleleri boýunça komissiýasynyň ýyllyk neşiriniň we
Halkara hukuk boýunça gollanmanyň makalalarynyň, bütin dünýäde, aýratyn-da,
ösüp barýan ýurtlaryň bähbidine halkara hukugy wagyz etmekde möhüm goşandyny bellemek
bilen,
halkara ýyllary yglan etmek hakynda 1998-nji ýylyň 15-nji
dekabryndaky 53/199, 2006-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky 61/185 Kararnamalaryny,
şeýle hem Ykdysady we Durmuş geňeşiniň
1980-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky halkara ýyllar hem-de şanly seneler, şol sanda
olary yglan etmegiň ylalaşylan kadalary hakyndaky 1980/67 Kararnamasyny tassyklamak
bilen,
1. 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan
edýär;
2. Agza döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň
düzümlerini hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän degişli taraplary halkara
hukuga hormat goýmaga we oňa düşünmäge ýardam bermek maksady bilen, bilim beriş
çärelerini, bu ugurda mümkinçilikleri giňeltmek we jemgyýetçiligiň
habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guramak arkaly Halkara hukuk
ýylyny bellemäge çagyrýar hem-de Türkmenistanyň 2028-nji ýylyň dekabrynda
Halkara hukuk boýunça ählumumy forumy geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýar;
3. Agza döwletleri halkara hukuga, şol sanda Birleşen
Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hususan-da, onda beýan edilen maksatlara
we ýörelgelere hormat goýmagy pugtalandyrmaga çagyrýar;
4. Agza döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň halkara
hukugy meýletin tölegler arkaly okatmak, öwrenmek hem-de ýaýratmak ulgamynda
bar bolan başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirmegi maslahat berýär;
5. Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan çärelere has işjeň gatnaşmaga,
şol sanda zenanlary we ýaşlary bu çärelere giňden çekmäge çagyrýar hem-de
halkara hukuga elýeterliligi giňeltmek maksady bilen, sanly platformalaryň,
bilim beriş tehnologiýalarynyň, köpdilli media serişdeleriniň peýdalanylmagyny höweslendirýär;
6. Şu Kararnamany amala aşyrmak boýunça ähli çäreler bilen baglanyşykly ýüze
çykyp biljek çykdajylaryň meýletin tölegleriň
hasabyna ýapylmalydygy barada karar edýär;
7. Halkara hukuk ýylynyň mynasyp derejede bellenip
geçilmegi üçin Baş sekretardan şu Kararnama baradaky maglumatlary ähli agza
döwletlere, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümlerine hem-de halkara we sebit
guramalaryna, gyzyklanma bildirýän degişli taraplara, şol sanda raýat
jemgyýetine, hususy bölege, ylmy toparlara, şahsy taraplara ýetirmegi haýyş
edýär.