Ýetmiş
dördünji sessiýa Gün
tertibiniň 126-njy bendi Dünýäniň
ilatynyň saglygy we daşary syýasat
Türkmenistanyň
Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de COVID-19 koronawirus ýokanjynyň
pandemiýasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros
Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen çäreler barada maglumat
Häzirki wagtda
adamzat ýokanjyň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagy
bilen baglylykda, örän uly giňişlikleri öz gerimine alýan, köp sanly
döwletleriň we halklaryň durmuşyna täsirini ýetirýän örän çynlakaý täze wehime
sezewar boldy.
Şunuň bilen
baglylykda, bu howpa üstünlikli garşy durmak üçin utgaşykly çäreleriň işlenip
taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi örän
zerurdyr.
Häzirki
şertlerde ýurtlar dünýäniň ähli halklaryna mahsus ynsanperwerlik, özara goldaw,
raýdaşlyk ýaly iň oňat ýörelgeleri ugur edinmelidirler.
Bu gün her bir
döwletden hem-de tutuşlygyna dünýä bileleşiginden aýratyn jogapkärçilik, ol
ýa-da beýleki çözgütler kabul edilende oýlanyşykly we öňdengörüjilikli
çemeleşmeler talap edilýär. Ähli ýurtlar bu howply ýokanja garşy göreşde diňe
bilelikdäki tagallalary jemläp, oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyna esaslanýan
düşünjä daýanmalydyrlar.
Türkmenistan
halkara bileleşigine jogapkärli gatnaşyjy hökmünde COVID-19 howpunyň ýüze çykan
ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen
edaralary we agentlikleri, ozaly bilen bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasy (BSGG) bilen ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.
BSGG-niň
Türkmenistandaky wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar, BSGG-niň Ženewadaky
edarasy bilen wideomaslahatlar guralýar, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen
uzak aralykdan iş gepleşiklerini geçirmegiň guraly ýola goýuldy.
Bilelikdäki
işiň şunuň ýaly görnüşleri biziň ýurdumyzyň Siziň ýolbaşçylyk edýän Guramaňyz
hem-de adamlaryň saglygyny goramak meseleleri bilen meşgullanýan Birleşen
Milletler Guramasynyň beýleki düzümleri bilen köpýyllyk we netijeli
hyzmatdaşlygynyň dowamy bolup durýar.
Adamyň durmuşy,
saglygy we howpsuzlygy Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarydyr, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge bu syýasatyň esasy
şygarydyr. Şundan ugur alnyp, saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de
ösdürilmegine ilkinji derejeli üns berilýär. Bu işler ulgamlaýyn esasda amala
aşyrylýar.
1995-nji ýylda
Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi, ilata lukmançylyk
hyzmatyny guramagyň iň öňdebaryjy halkara tejribesine daýanýan saglygy goraýşyň
täze ulgamyny kemala getirmek bu maksatnamanyň özenini düzýär.
Hut şol
döwürde — 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda we 2000-nji ýyllaryň başynda
ýurdumyzda adamyň saglygyny goramagyň düýpgöter täze nusgasy kemala geldi
hem-de üstünlikli işläp başlady, bu nusga lukmançylyk kömegini her bir raýata
mümkin ýokary derejede ýetirilmegini üpjün etmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň
sanawyny ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi köp babatda saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn
binýadyny döretmek, häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny satyn almak, dürli
keselleri bejermegiň hem-de öňüni almagyň öňdebaryjy usulyýetlerini giňden
ornaşdyrmak, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek
meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy.
«Saglyk»
Döwlet maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi öňde goýlan maksatlaryň
amala aşyrylmagynyň mümkindiginiň hem-de öz wagtynda öňe sürlendiginiň aýdyň
subutnamasy boldy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde halkara derejesindäki täze
häzirki zaman klinikalarynyň, hassahanalaryň, gospitallaryň, lukmançylyk
merkezleriniň, saglyk öýleriniň giň gerimli gurluşygy munuň mysalydyr. Bu
Maksatnamanyň amala aşyrylýan döwründe dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň
häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralarynyň 92-si bina
edildi we ulanmaga berildi.
Şol bir wagtda lukmançylyk bilim
ulgamy has-da kämilleşdirildi. Ýurdumyzda Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
üstünlikli işleýär, onda okaýan geljekki saglygy goraýyş işgärleri bejeriş
işleri, pediatriýa, stomatologiýa, arassaçylyk we gigiýena, farmasewtika, sport
lukmançylygy, harby lukmançylyk hünärleri hem-de beýleki ugurlar boýunça bilim
alýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda lukmançylyk mekdepleriniň bäşisi
hereket edýär, olar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny orta lukmançylyk
işgärleri — şepagat uýalary (şepagat doganlar) we feldşerler bilen üpjün
edýärler.
Döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş
ulgamy ýaly örän möhüm ugrunyň ylmy üpjünçilige daýanmazdan netijeli ösdürilip
bilinmejekdigi düşnüklidir. Şunda türkmen alym-lukmanlarynyň ýurdumyzda
keselleri bejermek hem-de olaryň öňüni almak bilen baglanyşykly köp meseleleri
çözmäge mümkinçilik berýän ylmy işläp taýýarlamalarynyň ýokary netijeliligini
aýratyn nygtamak gerek. Şunda olar öz ylmy işlerini daşary ýurtly kärdeşleri
bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş
edaralarynyň işjeň halkara gatnaşyklary, olaryň ählumumy, sebit, ýurtlar
boýunça strategiýalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň
goşulýandyklary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup
durýar. Bu örän möhüm işde abraýly halkara guramalary, ozaly bilen Birleşen
Milletler Guramasy, onuň BSGG, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş
maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Birleşen
Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy ýaly düzümleri biziň ygtybarly hem-de
köpýyllyk hyzmatdaşlarymyzdyr.
Bu guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýyllarynda örän möhüm taslamalaryň ençemesi
durmuşa geçirildi, olaryň netijeleri Türkmenistanda adamlaryň saglygyny
berkitmek, olary howply kesellerden goramak, keselleriň öňüni almak işlerinde
ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda alyp barýan işlerimize birnäçe gezek
halkara derejesinde mynasyp baha berildi.
Hususan-da, ýurdumyz aşakdaky
halkara sylaglara we güwanamalara mynasyp boldy:
1.Drakunkulýoz keselinden azat edilendigi
baradaky halkara güwanamasy (2000-nji ýyl);
2.Poliomiýelit — ýiti ysmaz
keselinden azatlygy hakynda güwanama (2002-nji ýyl);
3.Türkmenistanyň duzuň ählumumy ýod
bilen baýlaşdyrylan dünýädäki dördünji döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar
edilmegi (2004-nji ýyl);
4.Gyzzyrma keseliniň ýok edilendigi
hakynda BSGG-niň güwanamasy (2010-njy ýyl);
5.Unuň ýokumyny güýçlendirmek
boýunça ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler üçin ýurdumyza öňdebaryjy
döwletleriň biri hökmünde halkara sylagynyň gowşurylmagy (2011-nji ýyl);
6.Temmäkä garşy göreşmek ugrunda uly
goşant goşandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite
sylagy gowşuryldy (2014-nji ýyl);
7.Gyzamyk we gyzylja keselleriniň
eliminasiýasy tassyklanandygy barada BSGG-niň sebit edarasynyň güwanamasy
(2016-njy ýyl);
8.Ýokanç däl keselleriň öňüni almak
boýunça ägirt uly işleri ýerine ýetirendigi üçin BSGG-niň güwanamasy (2019-njy
ýyl);
9.Döwlet tarapyndan
maliýeleşdirilýän, immuno öňüni alyş Milli maksatnamasynyň çäklerinde
ýurdumyzda çagalaryň arasynda sanjym işleriniň geçirilmeginiň ýokary
görkezijileriniň saklanylýandygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar
gaznasynyň güwanamasy (2019-njy ýyl);
10.BSGG tarapyndan Jemgyýetçilik
saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew
boýunça Milli merkez diýen derejäni tassyklaýan güwanamasy (2019 ýyl).
Şonuň bilen birlikde, häzirki wagtda
Türkmenistanda 14 ýokanç keseline garşy ilatyň hökmany tertipde sanjymy
geçirilýär, munuň özi köp babatda adam bedeniniň howply kesellerden
goraglylygyny güýçlendirmekde ýardam berýär.
Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi
ýaly, biziň döwletimiz milli hem-de halkara derejelerinde ýokanç we ýokanç däl
kesellere garşy göreşmek boýunça uly tagallalary edýär, olary emele getirýän sebäpleri
aradan aýyrmak boýunça çäreleri geçirýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş
ulgamynda toplan oňyn tejribesi hökümete COVID-19 zerarly ýurdumyzyň çäklerinde
ýokanç keselleriniň ýaýramak töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça öz wagtynda
hem-de netijeli çözgütleri kabul etmekde binýat bolup hyzmat etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň
alyp barýan syýasatynyň has möhüm ugurlaryny bellemek gerek.
Birinjiden, häzirki wagtda
Türkmenistanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň bitewi milli strategiýasy
düzüldi, guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, arassaçylyk-epidemiologiýa,
lukmançylyk, karantin häsiýetli çäreleriň toplumy bu strategiýanyň mazmunyny
emele getirýär.
Howply ýokanç kesellerine garşy
göreş boýunça Hökümet toparynyň döredilmegi esas goýujy guramaçylyk işleriniň
biri boldy, bu toparyň düzümine hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary
girizildi. Şeýle hem pudagara utgaşdyryjy gural — dessin çäreleriň görülmegini üpjün
edýän topar döredildi, onuň işine saglygy goraýyş, ulag, söwda, maliýe
ulgamlaryna jogap berýän döwlet düzümleriniň, şeýle hem hukuk goraýjy
edaralaryň wekilleri çekildi.
Ýokarda agzalyp geçilen utgaşdyryjy
düzümlere kanunçylyga laýyklykda degişli ygtyýarlyklaryň berlendigini hem-de
olaryň ähli hereketleriniň Hökümet toparynyň mejlislerinde kabul edilýän
teswirnamalaryň hem-de meýilnamalaryň esasynda amala aşyrylýandygyny aýratyn
nygtamak zerurdyr.
Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda
Türkmenistanda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri, şol sanda
BSGG-niň ýurtlar boýunça edarasy bilen bilelikde koronawirus ýokanjynyň ýüze
çykan halatynda, oňa taýýarlygy we çäreleri üpjün etmegiň milli meýilnamasyny
düzmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ikinjiden, saglygy goraýyş
edaralaryna arassaçylyk-epidemiologiýa gözegçiligini üpjün etmek üçin ähli
zerur serişdeler bölünip berildi. Hususan-da, dünýäde COVID-19-yň ýüze çykan
wagtyndan başlap, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümleri
tarapyndan daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän ähli adamlar lukmançylyk
gözegçiliginden geçirilýär. Raýatlaryň bu topary babatynda karantin tertibinde
çäreler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, saglygy
goraýyş ulgamynyň merkezi we ýerli edaralarynyň ygtyýaryna barlaghana
anyklanylyşy, lukmançylyk serişdeleri, üpjünçilik enjamlary we esbaplary, şol
sanda şahsy gorag görnüşindäki serişdeler berildi. Şeýle hem hereket edýän
kadalara we standartlara laýyklykda, karantin çärelerini üpjün etmek üçin hassahanalarda
näsaglar üçin ýeterlik ätiýaçlyk orunlar bar.
Öňüni alyş çäreleri saglygy goraýyş
edaralarynyň işinde aýratyn orun eýeleýär. Ähli edaralarda, kärhanalarda, okuw
mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda raýatlaryň beden gyzgynlyk
kadasy üpjün edildi, şahsy gigiýenanyň berjaý edilmegi, hususan-da, ýörite
zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen elleri ýuwmak, lukmançylyk serişdelerini we
öňüni alyş işleriniň enjamlaryny peýdalanmak boýunça berk düzgünler girizildi.
Mundan başga-da, söwda merkezlerinde, bazarlarda, bilim edaralarynda,
jemgyýetçilik ulaglarynda ýokanjyň ýaýramagyna garşy zyýansyzlandyryjy
serişdeleri ulanmak arkaly arassaçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Üçünjiden, häzirki wagtda ýurdumyzda
ösümlikleriň we haýwanlaryň, şeýle hem ösümlik we maldarçylyk önümleriniň
getirilmegi netijesinde dürli keselleriň Türkmenistanyň çäklerine
aralaşmagyndan goramagyň ýeterlik howpsuzlyk derejesini üpjün etmäge
mümkinçilik berýän fitosanitariýa we weterinar gözegçilik ulgamy hereket edýär.
Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň beýleki degişli döwlet
edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat toparlar işleýär. Ýurdumyzyň çäklerine
ýokançlaryň aralaşmagynyň öňüni almak, dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş
çäreleriniň toplumyny geçirmek olaryň esasy wezipesidir.
Dördünjiden, dünýäde täze görnüşli
howply ýokanjyň ýaýrap başlandygy baradaky habar gelip gowşan dessine
hökümetimiz daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeklerini hem-de türkmen
raýatlarynyň ýurdumyzdan çykmaklaryny çäklendirmäge gönükdirilen çäreleri
durmuşa geçirmäge girişdi. Şunuň ýaly işler birnäçe tapgyrda geçirildi.
Şeýle hem halkara howa gatnawlarynyň
sany azaldylyp başlandy. Häzirki wagtda Hökümet toparynyň çözgüdi boýunça howa
gatnawlary daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurduna gitmekleri üçin daşary ýurt
ilçihanalarynyň haýyşy boýunça bir gezeklik tertipde guralyp bilner.
Şeýle
çäreleriň wagtlaýyn häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Bäşinjiden,
koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň örän
çynlakaýdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan şol birwagtda şunuň ýaly
şertlerde döwletleriň arasynda söwda hem-de ykdysady gatnaşyklaryň, ulag
gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyna doly derejede düşünýär.
Türkmenistan
öz hyzmatdaşlary, ozaly bilen bolsa, goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşykda
şeýle hyzmatdaşlygyň arasynyň üzülmezligi we harytlary özara ibermegiň hem-de
Ýewraziýa yklymynda üstaşyr gatnawlaryň ygtybarly ugurlarynyň saklap galmak
ugrunda işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň
we onuň bilen goňşy döwletleriň utgaşykly çäreleriniň netijesinde, Gündogar —
Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň işlemeginiň
kadaly tertibi üpjün edildi.
Altynjydan,
ýurdumyzyň içinde adamlaryň bir sebitden beýleki sebite baryp gelmeklerini
göwnejaý derejede guramak işleri howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy durmakda
möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda kabul edilen kada laýyklykda, serhetýaka
sebitlerine girmek hem-de ondan çykmak boýunça hereketler ýörite tertipde amala
aşyrylýar. Şunda awtomobil hem-de demir ýol ulaglarynda hereketlere saglygy
goraýyş we içeri işler edaralarynyň işgärleri gözegçiligi amala aşyrýarlar.
Gürrüňsiz suratda, munuň özi diňe howply ýokanç keseliniň dünýäde ýaýramagyna
garşy göreşilýän döwürde hereket edýän wagtlaýyn çäredir.
Ýedinjiden,
düşündiriş-wagyz işleri koronawirus ýokanjyna garşy göreşiň möhüm ugurlarynyň
biridir, ilatyň täze ýokanç keseliniň howplaryna doly göz ýetirmegini üpjün
etmek wagyz işleriniň baş maksady bolup durýar. Şeýle çäreler ilatyň ähli
gatlaklarynyň arasynda – çagalar baglarynda, mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw
mekdeplerinde, harby bölümlerde, kärhanalarda, edaralarda — ähli ýerlerde
geçirilýär. Ýaşaýjylara şunuň ýaly şertlerde özüňi alyp barmagyň, şahsy
arassaçylyk düzgünleriniň kadalary düşündirilýär, beýleki zerur maglumatlar
berilýär. Sanitariýa-arassaçylyk babatynda düşündiriş işleriniň ähmiýetine
düşünmek bilen, hökümet tarapyndan wagyz-düşündiriş işlerine alymlary,
mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini
giňden çekmek boýunça çäreler geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
mümkinçilikleri peýdalanylýar.
Şeýle
ýagdaýlarda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çäreleri BSGG-niň dünýäde COVID-19
koronawirus ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmekde işläp taýýarlan degişli
maslahatlaryna doly derejede laýyk gelýär.
Türkmenistanyň
saglygy goraýyş ulgamynda hem-de hususan-da, ýokanç kesellere garşy göreşde
toplan tejribesi BSGG-niň işinde peýdalanylyp bilnerdi.