Hazarýaka döwletleriň her biri ägirt uly ykdysady
kuwwata eýe. Hazar ykdysady forumy bolsa şol kuwwatlyklary, aýry-aýry, özbaşdak
kuwwatlyklary milli bähbitleriň umumylygyndan ugur alyp, bir ugra gönükdirmäge diýseň
uly mümkinçilik döredýär. Umuman, Birinji Hazar ykdysady forumy sebitde
agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şeýlelikde, Hazar deňzi sebitde kenarýaka
döwletleriň özara syýasy-ykdysady erk-isleglerinden ugur alyp, özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler. Bu forum parahat geljegi nazarlaýan Hazar
sebiti üçin onuň ykbalynda nobatdaky täze öwrülişige – ösüşe we abadançylyga
kuwwatly itergi we netijeli badalga bolar.
Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri
taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara
derejesindäki orny we hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri
maýa goýum taýdan özüne çekijiligi hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi
meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
duşuşyklary, döwlet, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda
gepleşikleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.
«Milli goşun».