Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar
ykdysady forumyň çäklerinde 11-nji awgustda meýilleşdirilýän çärelere badalga
berildi.
Köpsanly gatnaşyjylar üçin Hazar sebitiniň iri
kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň «Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar»
atly sergisi açyldy.
Forumyň çäklerinde Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan,
Russiýa we Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarynyň täze
mümkinçiliklerine bagyşlanan dürli seminarlar we mejlisler geçiriler.
Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde öňe süren başlangyçlary
netijesinde, biziň ýurdumyz sebitiň ykdysady kuwwatyny artdyrmak işine uly
goşant goşdy. Hazar deňiziniň hukuklygy baradaky Konwensiýasyna gol
çekileninden soň Birinji Hazar ykdysady forum sebit derejesinde we şol bir wagtyň
özünde hususy telekeçiler üçin ykdysady gatnaşyklary berkitmek dogrusynda esasy
başlangyç bolar.
«Milli goşun».