27-nji iýulda
Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana toplumynyň üsti täze bina — «Awazanyň
ýalkymy» atly binagärlik toplumy bilen ýetirildi, onuň açylyş dabarasy
köpöwüşginli uly baýramçylyga öwrüldi.
Täze desga
Arkadag we Berkarar şaýollaryň çatrygynda “Jadyly kenar” oýun attraksionlar
seýilgähiniň girelgesiniň ýanynda dikeldildi.
Binanyň
merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup,
ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy.
Binanyň umumy beýikligi 23 metr, özboluşly suw çüwdürimleri bilen gurşalan binýadynyň diametri bolsa 33 metrdir.