25-nji
oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Galkynyş»
türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň onýyllygy mynasybetli baýramçylyk
konserti boldy. Türkmenistanyň we Awstriýanyň dostlugynyň hem-de
hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan bu orkestr diňe bir
ikitaraplaýyn taslama däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň hem özboluşly saz
nusgasydyr.
Ýurdumyzyň
Daşary işler ministrliginiň Medeniýet ministrligi we Awstriýa-Türkmen jemgyýeti
bilen bilelikde guran bu baýramçylyk çäresiniň öňüsyrasynda Aşgabatda IV Wena
baly geçirildi.
«Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri sungat dünýäsindäki özboluşly nusgadyr. Ol ynsanperwer hyzmatdaşlygy we döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ynsanperwer many-mazmunyny giňeltmek işiniň daşyna Türkmenistanyň we Awstriýanyň sazandalaryny jemlän orkestrdir.