Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki
ösüşi» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu
halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmekde, häzirki we
geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmakda örän ähmiýetli hem-de netijeli
boljakdygyna ynanýaryn.
Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi» ýyly diýip yglan etdik. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we
onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli
işler Garaşsyz döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik
ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna
öwrülýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak,
halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir.
Gadyrly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi»
atly halkara maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi
özboluşly many-mazmuna eýedir. Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy
ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi
wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde
ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün
edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasy, onuň
ýöriteleşdirilen düzümleri, abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan giň
möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmek we kämilleşdirmek Bitarap Watanymyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Garaşsyz döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy häzirki
döwürde has-da ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. Bitarap ýurdumyz 2013 —
2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna,
2017—2021-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara
komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanyldy. Ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç,
Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
sanawyna, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Görogly» şadessany ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçirilýän «Beýik Ýüpek ýolunyň
ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahat hem bu ugurda ýola
goýlan gatnaşyklaryň düýpli ösdürilmegine täze badalga berer diýip umyt
edýärin.
Gadyrly myhmanlar!
Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Beýik Ýüpek
ýolunyň umumadamzat medeniýetinde tutýan orny örän uludyr.
Beýik Ýüpek ýoly dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk
gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara söwda, täjirçilik hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmaga uly ýardam berip, gadymy döwürlerde ençeme halklary özara
baglanyşdyrypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragynda ýerleşýän
gadymy galalar, kerwensaraýlar we taryhy-medeni ýadygärlikler bu dost-doganlyk
ýolunyň şanly sahypalaryny özünde jemleýär.
Biz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen
taryhy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň medeni mirasyny düýpli öwrenmäge, milli
gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga, toplamaga hem-de ylmy esasda öwrenmäge, gorap
saklamaga we dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berýäris. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli
öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan
işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik,
hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň
subutnamasyna öwrülýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara ulag-aragatnaşyk ugrunyň
möhüm bölegini emele getirýän demir we awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, ulag
ulgamynyň döwrebap binalarynyň giň gerim bilen gurulmagy, ulag-aragatnaşyk
ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan halkara
maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap şertlerde
täzeden dikeldilýändigini doly subut edýär. Elbetde, munuň özi biziň
dost-doganlyk, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň Ýer
ýüzünde rowaçlanýandygyny görkezýär.
«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi»
atly halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny düýpli öwrenmäge,
häzirki we geljekki ösüşini kesgitlemäge uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Sizi halkara maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!