22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany
“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany
11.09.2020 87 Habarlar

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň çap edilen 12-nji sany «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýär.

Makalalarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli hem-de oňyn özgertmeler, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny we geljegi uly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen maksadalaýyk çäreler beýan edildi.

Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň materiallary esasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen, durmuş-ykdysady, daşary syýasy işiň ähli ugurlaryna degişli çözgütleriň, gol çekilen kanunlaryň, permanlaryň, kararlaryň, buýruklaryň syny wakalaryň yzygiderliliginde beýan edilýär.