Şu günler Amyderýanyň kenaryndaky şäher ýurdumyzyň işjeň ösýän hem-de köpöwüşginli döredijilik ruhunda ýaşaýan medeni merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki maksatnamasyna žurnalistler üçin brifing, usulyýet maslahaty hem-de “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi girizildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly duşuşygy Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda guraldy.
Öňdebaryjy tehnologiýalary hasaba almak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalary beýan etmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri bu çäräniň baş maksady boldy.
Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde guralan usulyýet maslahatyna gatnaşyjylar medeni mirasy, halk sazlarynyň we tanslarynyň, folklor döredijiliginiň gadymy nusgalaryny gaýtadan dikeltmek hem-de wagyz etmek, halk köpçüligini bu ugurda gazanylanlar bilen giňden tanyşdyrmak boýunça oba medeniýet ojaklarynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.