milli goshun logo
«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görülýär
25.05.2019 473 Habarlar

24-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow 12 — 13-nji iýunda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäre Ylymlar güni mynasybetli guralar.

Foruma gatnaşmak üçin Ýewropa, Aziýa we GDA ýurtlaryndan belli alymlar Aşgabada gelerler. Maslahatyň dowamynda maglumat, telekommunikasiýa, biotehnologiýa, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, logistika, suw diplomatiýasy, senagat, oba hojalygy, lukmançylyk pudaklarynda, derman senagatynda, ekologiýa ulgamlarynda ylmy gazananlary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy we baýramçylyk konserti, medeni çäreler geçiriler.