Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň
we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary
derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen
medeni çärelere gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Liderini, Azerbaýjan Respublikasynyň
we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerini medeni çäräniň
geçirilýän ýerine ýygnananlar, şol sanda «Galkynyş» milli at üstündäki
oýunlar toparynyň agzalary mähirli garşyladylar.
Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň çykyşlary görkezildi. Gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy
bilen göreni haýrana goýýan bedewler bilen çykyş etmegiň oňyn tejribesini
toplan oglan-gyzlar dabara gatnaşyjylaryň öňünde çylşyrymly tilsimleri
ýerine ýetirdiler.
Soňra belent mertebeli myhmanlara sowgatlary
gowşurmak dabarasy boldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham
Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş
türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat
berildi. 2022-nji ýylda doglan, Gündogar hem-de Gaýma atly bedewleriň
nesli bolan akýal mele reňkli bu bedew ady rowaýata öwrülen Fakirpälwan
atly bedewiň nesil ugruna degişlidir.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň
we türkmen halkynyň adyndan köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi
yglan edildi. Milli Liderimiz doganlyk döwletleriň Baştutanlary
bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary sowgatlary
bilen gutlady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidentine Tawus atly ajaýyp bedewiň güwänamasyny uly hormat
bilen gowşurdy. Şeýle hem Milli Liderimiz «Ula hormat, kiçä sylag» diýen
paýhasly jümlä eýerip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine
arwana düýäniň resminamasyny gowşurdy.
Doganlyk döwletleriň Liderleri gowşurylan bu sowgatlary öz ýurtlaryna we halklaryna bildirilen çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.