Düýn – 25-nji
dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik
guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna
bagyşlanyp,«Türkmen halkynyň Milli Lideriniň
ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary – çagalara mähirli garaýşyň
nusgalyk ýoly» ady bilen dabaraly
maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Hökümetiň agzalary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, degişli halkara düzümleriň Türkmenistandaky
wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň wekilleridir beýleki ugurdaş düzümleriň
ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň hem-de onda garalan meseleleriň möhümdigi nygtaldy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.