milli goshun logo
Arkadag şäherinde hoşallyk maslahaty guraldy
Arkadag şäherinde hoşallyk maslahaty guraldy
01.05.2025 90 Habarlar

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasynda «Arkadag şäheri – ahalteke atlarynyň mekany» ady bilen hoşallyk maslahaty guraldy.

Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen, Arkadag şäheriniň häkimliginiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Maslahatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewlere goýulýan hormat-sarpany has aýdyňlygy bilen äşgär edendigi nygtaldy. Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden hoşallyk maslahatynda häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň dünýädäki şöhratynyň barha belende göterilýändigi bellenildi.