19-njy aprelde,
dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi
amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini
synlady.
Ir bilen milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýanardag» binasynyň ýanynda welosipedli
ýörişe başlady.
Hormatly
Prezidentimiz soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň kemala gelýän
ýeri bolan günorta künjeginden Bitaraplyk binasyna tarap ugrady. Ýol ugra milli
Liderimiz täze gurulýan binalary bilen şäheriň barha ajaýyp görnüşe gelýän
keşbini synlady.
Diňe bir gözel
binagärligi däl-de, ýadygärlikler toplumlary, heýkeller, özboluşly suw çüwdürim
toplumlary, binalaryň daşky bezegleri şäheriň çeperçilik gurşawyny emele
getirýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary we
çäreleri beýan edýär. Häzirki wagtda Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň
çatrygynda Bütindünýä welosiped gününiň hormatyna bina edilýän ýadygärlik
Aşgabadyň keşbini has-da gözelleşdirmäge ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda Aşgabadyň günorta tarapynda, bu
künjekde gurluşygy alnyp barylýan desgalary synlady. Häzirki döwürde bu ýerde
bina edilýän desgalaryň hatarynda Hökümet münberinden başga-da, Halk
Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana,
şeýle hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar
täjirçilik bankynyň edara binalary gurulýar.
Olar ýakyn
geljekde ak mermerli paýtagtymyzyň nobatdaky ajaýyplyklaryna öwrülip, bir
bitewi sazlaşygy emele getirerler. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gidip
barşyna şäheriň beýleki desgalary bilen sazlaşygy emele getirýän gurulýan
binalaryň bezeg aýratynlyklaryna baha berdi.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek 2020-nji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde 20 kilometr ýol aşyp, Bitaraplyk binasynyň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlady.