17-nji maýda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow hususy
pudagy işgärler bilen üpjün etmek üçin bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli
hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde
degişli guramaçylyk işleri geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kiçi we orta işewürlik
kärhanalarynyň sanynyň, telekeçilik düzümleriniň barha köpelýändigini belledi.
Şoňa görä-de, menejment, marketing hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri
hünär taýdan taýýarlamaga degişli täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy döwrüň
talabydyr.
Döwlet Baştutanymyz dünýä derejesinde göz-garaýşy, strategiki pikirlenilişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürleri kemala getirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we okatmagyň usullaryny peýdalanmak, tejribeli mugallymlary çekmek bilen işewürlik biliminiň innowasion gurşawynyň döredilmegine ünsi çekdi.