Baş
baýramçylygyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Mary we Baýramaly şäherleriniň
ýaşaýjylary ajaýyp sowgatlar aldylar. Şu gün bu ýerde täze köp gatly ýaşaýyş
jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.
20-nji
sentýabrda täze jaýlaryň baýramçylyk lybasyna beslenen çäginde welaýat we etrap
häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly
ýaşaýjylar ýygnandylar. Döredijilik toparlary joşgunly aýdym-sazlary we
tanslary bilen baýramçylygyň şowhunyny artdyrdylar.
Welaýatyň
dolandyryş merkezindäki Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly, 48
öýli ýaşaýyş jaýy bu ýerde bar bolan jaýlaryň üstüni ýetirdi. Onuň gurluşygynda
«Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk pudagynyň işgärlerine bildirýän
talaplaryny nazara almak bilen, iň döwrebap gurnama we timarlaýyş serişdelerini
peýdalandylar.
Giň eýwanly
iki we üç otagly öýlerde maşgalalaryň oňaýly ýaşamagy üçin ähli amatlyklar we
şertler göz öňünde tutuldy. Täze jaý merkezleşdirilen ýyladyş, energiýa, gaz we
suw üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edildi.
Baýramaly şäheriniň Altyn asyr köçesiniň ugrunda bina edilen, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 4 gatly, 24 öýli owadan hem-de özboluşly jaý ýerli gurluşykçylar tarapyndan guruldy.