Şu gün
Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud
Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de
futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda
geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen
dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen
gyzyklandylar.
“Al-Nassr”
toparynyň ýolbaşçylary we türgenleri Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertler,
Olimpiýa stadionynyň amatlyklary bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şu günler
dünýä jemgyýetçiliginiň nazary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň
çäklerinde geçiriljek futbol duşuşygyna gönükdi. Munuň özi paýtagtymyzda boljak
bu oýnuň halkara giňişlikdäki ähmiýetini görkezýär.
Metbugat
maslahatynda “Arkadag” toparynyň tälimçisi we oýunçysy ýurdumyzyň hem-de dünýä
döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp,
žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
“Arkadag”
we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga dünýäniň 13 ýurdundan
köp sanly žurnalistler gatnaşarlar. Bu bolsa oňa dünýä jemgyýetçiliginiň uly
gyzyklanma bildirýändigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň Olimpiýa stadionyna gelip, duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň
ýagdaýy bilen tanşyp, futbol ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmelidigi barada aýdanlary türkmen futbolçylarynyň ruhuny has-da belende
göterdi. Şeýle hem toparyň tälimçisi we futbolçysy özboluşly synag hökmünde
kabul edilen duşuşygyň türkmen futbolçylarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda,
olaryň oýnuň has netijeli usullaryny özleşdirmeklerinde ähmiýetli boljakdygyny
aýdyp, türkmen sportunyň abraýyny belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra
bu ýerde guralan metbugat maslahaty “Al-Nassr” toparynyň tälimçisiniň we
oýunçysynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri ilki myhmanlaryň Türkmenistan we onuň paýtagty baradaky pikirlerini
diňlediler. Şeýle hem bu gezekki bäsleşigiň nähili geçjekdigi baradaky
çaklamalar bilen gyzyklanyldy.
Myhman
toparyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem
olar ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa
stadionynda döredilen mümkinçilikleriň derejesine ýokary baha berdiler.
Bellenilişi ýaly, 45 müň orunlyk stadionyň meýdançasynda örän çekeleşikli we
gyzykly oýun bolar. Her toparyň ýeňşe umyt baglaýandygy äşgär hakykat. Hut
şonuň üçin hem futbolçylar meýdançada täsirli oýun görkezmäge çalşarlar. Şeýle
hem olar “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny,
olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar. “Al-Nassryň” wekilleri
sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurduň paýtagtynda bolup, dünýäde meşhurlyk
gazanan topar bilen bäsleşmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýandyklaryny
bellediler.
“Arkadag”
we “Al-Nassr” toparlarynyň Aşgabatda boljak duşuşygy Aziýa sportunyň taryhyna
möhüm sahypany ýazar. Şunuň bilen baglylykda, bu oýnuň taryhy wakalara we ýatda
galyjy pursatlara beslenjekdigini aýdyp bolar. Toparlaryň ýeňşe bolan ynamy
hem-de yhlasy oýnuň gyzykly boljakdygyna güwä geçýär.