Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi.
Ýokarda agzalan bankyň IT-hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ykjam goşundy söwda nokatlarynda hem-de hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. “Halkbank terminal” tehnologiýasynyň işe girizilmegi bilen söwda we hyzmatlar nokatlarynyň ykjam telefonlarynda sanly görnüşde degişli amallary geçirmek üçin programma üpjünçiligini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, bu goşundynyň işe girizilmegi bank amallaryny sanlylaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdiuhamedow maliýe ulgamynyň ösdürilmegine jogapkär ýolbaşçylaryny bu işleri işjeňleşdirmäge çagyrýar. Tölegleri uzak aralykdan geçirmegiň tehnologiýalaryny ýurdumyzyň söwda ulgamynda ornaşdyrmak üçin esaslar soňky döwürde degişli tejribäniň tiz toplanmagynyň barşynda goýuldy. Mysal hökmünde “Senagat”, “Rysgal bank” uzak aralykdan tölegleri geçirmäge niýetlenen kartlary, şäher jemgyýetçilik ulagynda gatnamak üçin töleg kartlarynyň getirmek bolar.