milli goshun logo
Bank hyzmatlarynyň sanawy giňeldilýär
Bank hyzmatlarynyň sanawy giňeldilýär
12.01.2019 890 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Häzirki günde «Altyn asyr» töleg ulgamynda «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-kodyň (dessin tassyklanylýan kod) ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe goýbermek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu bankyň «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň durnukly ösdürilmegi möhüm şertleriň biri bolup, milli ykdysadyýetimiziň basdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin zerurdyr diýip belledi.

Bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejesinde giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.