7-nji
noýabrda, Hasyl toýunyň öň ýanynda, Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta çig
malyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri
barada hasabat berdiler. Olar 5 müň tonnadan gowrak «ak altyn» taýýarlap, Watan
harmanyna goşdular.
Mälim bolşy
ýaly, Balkan welaýatynyň Garagum derýasynyň suwy bilen suwarylýan oba hojalyk
ekinleriniň esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynda ýerleşýär. Ýurdumyzyň
Günbatar sebitiniň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, meýdanlarda
gowaçanyň orta süýümli görnüşleri ekildi. Pagta çig malyny taýýarlamak baradaky
döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren balkanlylaryň üstünligi ekerançylaryň ençeme
aý çeken zähmetiniň, olaryň ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen
ekinlere eden gündeki ideginiň kanunalaýyk netijeleridir.