Gadyrly Balkan welaýatynyň «ak
altyn» ussatlary!
Hormatly pagtaçy daýhanlar!
Sizi welaýat
boýunça 5 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyryp, pagta
taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli ýerine
ýetirendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly
işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Gazanylan bu
zähmet ýeňşi welaýatyň kärendeçileriniň, mülkdarlarynyň, kämil tehnikalara
ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlarynyň, suw hojalyk işgärleriniň, bir söz
bilen aýdylanda, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly
işleri alyp barýan adamlaryň ählisiniň yhlasly we tutanýerli çeken zähmetiniň
netijesidir.
Welaýatda «ak
altynyň» bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmeginde we ýygnalmagynda etraplaryň
pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp
goşandy bar. Welaýatda pagta öndürmekde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň
hem-de öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biri yhlasly zähmet çekdi. Welaýatda pagta
taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý
bilen ýerine ýetiren Bereket we Magtymguly etraplarynyň pagtaçy daýhanlarynyň
çeken netijeli we yhlasly zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Siz Watan
harmanyny beýgeltmäge mynasyp goşant goşmak bilen, bolçulygyň, berekediň
artmagy ugrunda halkymyzyň ýokary netijeleri gazanýandygyny halal we
öndürijilikli zähmetiňiz bilen anyk subut etdiňiz.
Hormatly pagtaçylar!
Biziň döwrümiz
«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň ýurdumyzda üstünlikli amala
aşyrylýan zamanasydyr. Bu şygar döwlet syýasatymyzyň ýurdumyzyň her bir
raýatynyň, bütin halkymyzyň bagtyýar, eşretli hem-de abadan durmuşyny üpjün
etmäge gönükdirilendigini görkezýär. Biz ähli halkymyz bolup, ýurdumyzy
hemmetaraplaýyn ösdürmek, raýatlarymyzyň her biriniň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
ýokary bolmagyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Şeýle
belent maksatlara ýetmekde oba adamlarynyň, oba hojalygynda, şol sanda
pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän merdana babadaýhanlarymyzyň hem öňünde uly
wezipeler durýar.
Ösüşleriň täze
belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda ene topraga ykbalyny baglan, oňa
yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän pagtaçylarymyza öndürijilikli
işlemäge, ýerden ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz
tarapyndan ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine ekin meýdanlaryny
bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň
daýanjy bolan kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy,
topragyň berekedini artdyrýan, hasyllylygyny ýokarlandyrýan mineral dökünler
bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi, suwaryş akabalaryny we zeýkeş
ulgamlaryny, täze howdanlary gurup, suw bilen doly üpjün etmekde, ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ekin dolanyşygyna geçmekde
ýurdumyzda uly möçberli işleriň alnyp barylmagy şaýatlyk edýär.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ak altyn» önýän topraga alyn derini
siňdirýän edermen daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş, zähmet şertlerini gowulandyrmak
barada yzygiderli alada edilýär. Ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan
miras galan baý tejribäni, ylmyň, agrotehnikanyň gazananlaryny, iň täze
tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, daýhanyň zähmetine mynasyp baha bermek
döwrümiziň zerur talaby bolup durýar. Obada düýpli özgertmeleriň mundan
beýläk-de dowam etdirilmegi oba hojalyk önümçiliginde, şol sanda pagtaçylyk
pudagynda zähmet çekýän adamlaryň hem ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgerder, olaryň
işine, durmuşyna täze öwüşgin çaýar. Munuň özi türkmen obalarynyň keşbini
düýpli täzelemek, ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, döwrebap
daýhan hojalyklaryny, gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, oba hojalygynda
hususyýetçiligi depginli ösdürmek ýaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň
talaplaryna laýyk gelýän örän uly maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen
aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gadyrly pagtaçylar!
Sizi «ak
altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde gazanan ajaýyp zähmet ýeňşiňiz
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan
we bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.