Hormatly Medeniýet hepdeligine
gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän
Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin!
«Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny
ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen
medeniýetini we sungatyny düýpli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler
yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde medeniýet ulgamyna sanly ulgamy
ornaşdyrmak, elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, medeniýet
işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda täze iş usullary durmuşa
ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň, muzeýleriniň, teatrlarynyň we
beýleki medeni-dynç alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
berkitmäge döwletimiz tarapyndan köp möçberde maýa goýum serişdeleri
gönükdirilýär. Medeniýet ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde,
milli medeniýetimiz we sungatymyz döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Bularyň ählisi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň esasy
ugurlaryny düzýär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy,
milli mirasy bar. Baý medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, milli medeniýetimizi
we sungatymyzy ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, wagyz etmek, dünýä ýaýmak,
dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň
biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda dürli medeni çäreler, bu ulgama degişli
halkara maslahatlar, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Medeniýet
hepdeliginiň çäginde guralýan çäreleriň her biri örän möhüm ähmiýete eýedir.
Sebäbi ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän
Medeniýet hepdeligi aýdym-saz, opera, teatr, kino, şekillendiriş we amaly-haşam
sungatynyň ýeten sepgitlerini dünýä ýaýýan özboluşly sungat baýramydyr.
Eziz watandaşlar!
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
diýlip yglan edilen ýylda Medeniýet hepdeliginiň Balkan welaýatynda geçirilmegi
aýratyn ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe düýpli ösüşlere eýe bolýan Balkan topragy türkmen halkynyň buýsançly
taryhyny, milli gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny özünde jemleýän gadymy
toprakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde Balkan
welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda hem düýpli maksatnamalar üstünlikli
durmuşa geçirilýär, medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berilýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyň nazary düşen Magtymguly etraby gözel we baý tebigaty, şöhratly taryhy
bilen meşhur ýerleriň biridir. Magtymguly etrabynyň çägindäki Sumbar, Aýdere
jülgeleri, Çendir, Sünt-Hasar daglary, tebigatyň özboluşly gözellikleri,
täsinlikleri bu ýere gelýän syýahatçylary haýran galdyrýar.
2015-nji ýylda Magtymguly etrabynda
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň döwrebap binasy, nusgawy
şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Gurbanaly Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň,
Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Annagylyç Mätäjiniň
heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu muzeý hem-de medeni ýadygärlikler
toplumy geljekki nesillerimiz üçin türkmeniň baý medeni mirasyny, beýik
Magtymgulynyň gaýtalanmajak we halkymyzyň aňyndan öçmejek şygyrlaryny wagyz
etmekde, ýaşlarymyzy milli ruhy kämilligiň nusgasynda terbiýelemekde uly ähmiýete
eýe bolýan ruhy merkeze öwrüldi.
Balkan welaýatynda geçirilýän
Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap
eserler bilen baýlaşdyrmaga, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge,
halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä
ýaýmaga täze badalga berer.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde
guraljak medeni çärelerde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanan üstünlikleri,
halkymyzyň bagtyýar durmuşy, berkarar döwletimiziň gülläp ösüşi, türkmen
edebiýatynyň, sungatynyň ýeten sepgitleri ýokary derejede beýan ediler. Medeniýet
hepdeligi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramydyr. Şoňa
görä-de, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň dabaraly çärelere besläp geçirýän
bu sungat baýramy berkarar ýurdumyzyň täze taryhy senenamasynda orun aljak
şanly waka öwrülmelidir.
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Sizi Balkan welaýatynda Medeniýet
hepdeliginiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
ýylynda şatlyk-şowhunly guralýan bu sungat baýramyna gatnaşyjylar bolan siziň
ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik äleminde täze üstünlikleri
arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.